Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
Ýadro ýaragynyň ýaýradylmazlygy hakyndaky Şertnama bilen baglanyşykly kepillendirmeleri ulanmak hakynda Türkmenistan bilen Atom energiýasy barada Halkara agentliginiň arasyndaky Ylalaşyga Goşmaça Protokoly tassyklamak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2005 ý., № 4, 33-nji madda)
Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Ýadro ýaragynyň ýaýradylmazlygy hakyndaky Şertnama bilen baglanyşykly kepillendirmeleri ulanmak hakynda Türkmenistan bilen Atom energiýasy barada Halkara agentliginiň arasyndaky Türkmenistan tarapyndan Wena şäherinde 2005-nji ýylyň Magtymguly (maý) aýynyň 17-sinde gol çekilen Ylalaşyga Goşmaça Protokoly tassyklamaly.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ö. Ataýew
Aşgabat şäheri
2005-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 7-i
№ 34-III