Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Balkan welaýatynda gurlan saglygy goraýyş anyklaýyş merkezine Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ

K A R A R Y

 

Balkan welaýatynda gurlan saglygy goraýyş anyklaýyş merkezine Türkmenistanyň  Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny dakmak hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2005 ý., № 4, 34-nji madda)

 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň alynmagy bilen milletiň Baştutany Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýolbaşçylygynda halkyň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda düýpli özgerişlikler bolup geçdi. Ilatyň saglygyny goramak boýunça sarpasy Belent Serdarymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň syýasatynyň esasy ugurlary 1995-nji ýylda kabul «Saglyk» maksatnamasy bilen kesgitlenildi. «Saglyk» maksatnamasy durmuşa geçirilmegi saglygy goraýyş ulgamyny düýpgöter özgertmegiň başyny başlady, on ýylyň dowamynda ýurdumyzda Beýik Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ilatyň saglygyny goramak öz ösüşinde hil taýdan täze derejä göterildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň türkmen halkynyň saglygy goraýşyny ösdürmekde, ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatynyň derejesini ýokary götermekde, sagdyň bedenli, ruhubelent nesli kemala getirmekde alyp barýan ýadawsyz aladasyny aýratyn bellemek bilen, şeýle hem Balkan welaýatynyň ilatynyň, Umumymilli «Galkynyş» hereketiniň düzümine girýän guramalaryň we saglygy goraýyş ulgamynyň işgär haýyşlaryny we Balkan welaýatynyň häkimliginiň towakganamasyny nazarda tutup, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Balkan welaýatynda gurlan saglygy goraýyş anyklaýyş merkezine Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny dakmaly we ony «Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Balkan saglygy goraýyş anyklaýyş merkezi» diýip atlandyrmaly.

 

Türkmenistanyň  Mejlisiniň Başlygy                                  Ö. Ataýew

 

Aşgabat şäheri

2005-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 7-i

№ 36-III