Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
Aşgabat şäherinde gurlan Enäniň we çaganyň hassahanasyna
«Ene mähri» diýen ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2005 ý., № 4, 36-njy madda)
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Saglyk» maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistanyň saglygy goraýyş pudagy has çalt depginler bilen ösdi. Bu döwürde Türkmenistanyň saglygy goraýyş pudagynda öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bejeriş-anyklaýyş edaralarynyň ulgamy peýda boldy. Bu gün olarda halkymyza edilýän hyzmatlaryň hili we netijeliligi ýokarlandyrylýar, saglygy goraýşyň derejesi dünýä ülňüleriniň talaplaryna laýyk getirilýär. Saglygy goraýşyň ösdürilmegi, özgerdilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy barada Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýadawsyz aladalary, uly tagallalary netijesinde Aşgabat şäherinde Enäniň we çaganyň hassahanasy guruldy.
Şeýle hassahananyň gurlup ulanylmaga berilmegi ilata edilýän medisina hyzmatynyň hilini düýpgöter gowulandyrmaga hem-de XXI asyrda – türkmen halkynyň Altyn asyrynda saglygy goraýşyň derejesini has hem ýokary götermäge ýardam eder.
Eneleri Hudaýa deňeýän Serdarymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň mukaddes Ruhnamasynda ene mähriniň, enäniň we çaganyň gatnaşyklarynyň many-mazmunyny danalyk bilen açyp: «...Ene-mähriň adam keşbine girmegidir» - diýýär.
Ene mähri barada aýdylanda, gelin-gyzlarymyzyň görüm-görelde alýan röwşen nyşanyna, milli buýsançlarymyzyň, mukaddesliklerimiziň gymmaty egsilmejek nusgasyna öwrülen Beýik Serdarymyzyz Käbesi Gurbansoltan ejemiz, onuň mähir-keramaty ýadyňa düşýär. Türkmen zenanynyň iň naýbaşy häsiýetlerini- mähremligini, päkligini, mertebesiniň belentligini, nesline uçursyz söýgüsini özünde jemleýän mährem Enä türkmen halky baky hormat goýýar, oňa tagzym edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Saglyk» maksatnamasyny durmuşa geçirmekde, ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatynyň derejesini ýokarlandyrmakda, sagdyň bedenli, ruhubelent nesli kemala getirmekde Enäniň we çaganyň hassahanasynyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny aýratyn belläp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş pudagynyň işgärleriniň tüýs ýürekden çykýan haýyşlaryny hem-de Türkmenistanyň Saglygy we derman senagaty ministrliginiň towakganamasyny nazarda tutup Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Aşgabat şäherinde gurlen Enäniň we çaganyň hassahanasyna «Ene mähri» diýen ady dakmaly we ony «Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň «Ene mähri» merkezi» diýip atlandyrmaly.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ö. Ataýew
Aşgabat şäheri
2005-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 7-i
№ 38-III