Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
Aşgabadyň ýüpek fabrigine Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan ejäniň adyny dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2004 ý., № 1, 3-nji madda)
Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan ejäniň ady türkmen halkyna we bütin adamzada ajaýyp ogly - Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny esaslandyran, halkymyzyň Beýik Serdary, hazirki zamanyň ajaýyp syýasy we döwlet işgäri bolan Saparmyrat Türkmenbaşyny peşgeş beren we terbiýeläp ýetişdiren beýik ynsan hökmünde ykrar edilendir. Ady ene edermenliginiň asyrdan asyra gaýtalanjak, durmuş ýoly bolsa Watana wepaly hyzmat etmegiň öçmejek nusgasynyň, enäniň we zähmetkeş zenanyň biziň halkymyzyň ähli nesilleri üçin ýol görkezýän, ýokary ruhubelentlige ýugrulan hem-de türkmen halkynyň ruhy-ahlak däplerini artdyrýan mukaddes keşbini hatyralap we Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň towakganamasyny, şeýle hem Aşgabadyň ýüpek fabriginiň işgärleriniň ýüzlenmesini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Aşgabadyň ýüpek fabrigine Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan ejäniň adyny dakmaly we mundan beýläk ony "Aşgabadyň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky ýüpek fabrigi" diýip atlandyrmaly.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy Ö. Ataýew
Aşgabat şäheri.
2004-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 28-i.
№ 213-II.