Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
2004-nji ýyly Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň kakasy Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazowyň ýyly diýip yglan etmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2004 ý., № 1, 5-nji madda)
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň mähriban kakasy Atamyrat Nyýazowyň türkmen halkynyň öňünde bitiren ajaýyp hyzmatlaryny, biziň şu günki we geljekki nesillerimiziň parahatçylykda we asudalykda ýaşamagynyň hatyrasyna başyny goýan türkmeniň bu gerçek oglunyň 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda görkezen gahrymançylygyny we edermenligini belläp, onuň mukaddes ruhuny, röwşen ýadygärligini ebedileşdirmek maksady bilen, Atamyrat Nyýazowyň gysga, ýöne çuň manyly ömrüniň türkmenistanlylaryň şu günki we geljekki nesilleri üçin Watany söýmegiň, oňa ak ýürekden hyzmat etmegiň nusgasyna öwrülendigini, türkmeniň Altyn asyrynda watansöýüji, ar-namysly, il-halkyna wepaly nesli terbiýeläp ýetişdirmekde örän uly terbiýeleýjilik ähmiýetiniň bardygyny aýratyn belläp, şeýle hem Türkmenistanyň Umumymilli "Galkynyş" hereketiniň düzümine girýän Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky Zenanlar birleşiginiň, Türkmenistanyň urşa gatnaşanlaryň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky guramasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň haýyşlaryny we Türkmenistanyň raýatlarynyň isleg-arzuwlaryny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
2004-nji ýyly Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň kakasy Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazowyň ýyly diýip yglan etmeli.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy Ö. Ataýew
Aşgabat şäheri.
2004-nji ýylyň Nowruz aýynyň 5-i.
№ 215-II