Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
Aşgabat şäherinde gurlan täze çagalar bagyna Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan ejäniň adyny dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2004 ý., № 1, 8-nji madda)
Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň käbesi, Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan ejäniň ady külli türkmeniň enesi hökmünde bu gün halkyň aňyna müdimilik girdi. Onuň zähmetsöýerlige, gahrymançylyga we belent ynsanperwerlige beslenen bütin zähmet hem-de durmuş ýoly Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ösüp gelýän ýaş neslini ata Watana, il-halka wepalylyk ruhunda terbiýelemekde, Altyn asyrymyzy gurujy mynasyp adamlar edip ýetişdirmekde ajaýyp nusga bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan ejäniň nesilleriň öňündäki mukaddes ruhuny we röwşen ýadygärligini ebedileşdirmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň towakganamasyny hem-de ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleriniň ýüztutmasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Aşgabat şäherinde Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda Türkmenistanyň Merkezi Banky tarapyndan gurlan täze kysymly çagalar bagyna Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan ejäniň adyny dakmaly we ony ''Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky Altyn nesil çagalar bagy'' diýip atlandyrmaly.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy Ö. Ataýew
Aşgabat şäheri.
2004-nji ýylyň Nowruz aýynyň 31-i.
№ 218-II.