Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetine Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan ejäniň adyny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ

 K A R A R Y

 

Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetine Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan ejäniň adyny dakmak bakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2004 ý., № 1, 9-njy madda)

 

Ata Watana, türkmen halkyna wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezen Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň käbesi Gurbansoltan ejäniň adynyň türkmen halyçylyk sungatynyň milli däplerini ösdürmek, türkmen haly önümleriniň şan-şöhratyny artdyrmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny belläp hem-de bu mähriban enäniň öz gysga we manyly ömründe keramatly sungaty ösdürmekde bitiren işleriniň türkmen halyçy gelin-gyzlarynyň şu günki we geljekki nesilleri üçin nusga bolup durýandygyny, ony çeper elli halyçylarymyzyň özleriniň halypasy hasaplaýandyklaryny göz öňünde tutup hem-de onuň mukaddes ruhuny, röwşen ýadygärligini ebedileşdirmek maksady bilen, şeýle hem ''Türkmenhaly'' Döwlet paýdarlar korporasiýasynyň işgärleriniň we türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň agzalarynyň towakganamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy tarapyndan döredilen Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetine Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan ejäniň adyny dakmaly we ony "Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýeti" diýip atlandyrmaly.

 

 Türkmenistanyň

 Mejlisiniň Başlygy                                                         Ö. Ataýew

 

Aşgabat şäheri.

2004-nji ýylyň Nowruz aýynyň 31-i.

№ 219-II.