Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
Ruhabat etrabynyň Gypjak şäherçesinde gurulýan ýüňi gaýtadan işleýän fabrige Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2004 ý., № 2, 11-nji madda)
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda sazlaşykly hem-de durnukly ösýän milli senagat döredildi. Aýratyn hem onuň gaýtadan işleýän pudagyny ösdürmekde uly üstünlikler gazanyldy. Ýurdumyzda daşary ýurt firmalarynyň gatnaşmagynda dokma senagatynyň desgalarynyň 15-den gowragy gurlup, işe girizildi. Olaryň arasynda oba hojalyk çig malyny ahyrky önüm görnüşinde gaýtadan işleýän fabrikler hem bar. Gurulýan bu kärhanalaryň hemmesi dönýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary öndürijilikli enjamlar bilen abzallaşdyryldy. Ýüňüň daşary ýurtlara satylyşyny artdyrmak we ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda Ruhabat etrabynyň Gypjak şäherçesinde gurulýan kuwwaty ýylda 5100 tonna ýüňi gaýtadan işlemäge niýetlenen fabrigi işe girizmäge taýýarlyk görülýär.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dokma toplumynda bolup geçen bu özgerişikleriň hemmesi Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ady we ýadawsyz tagallalary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Şundan ugur alyp hem-de Türkmenistanyň dokma senagatynyň işgärleriniň towakganamasyny we «Ahal ýüň» paýdarlar jemgyýetiniň paýdarlarynyň haýyşnamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Ruhabat etrabynyň Gypjak şäherçesinde gurulýan ýüňi gaýtadan işleýän fabrige Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny dakmaly we ony «Gypjak şäherçesindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýüňi gaýtadan işleýän fabrik» diýip atlandyrmaly.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy Ö. Ataýew
Aşgabat şäheri.
2004-nji ýylyň Oguz aýynyň 4-i.
№ 221-II.