Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
Daşoguz welaýatynda gurlan saglygy goraýyş anyklaýyş merkezine Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2004 ý., № 3, 19-njy madda)
Ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň ilkinji günlerinden Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň tagallalary bilen halkyň saglygyny goramak we lukmançylyk hyzmatyny kamilleşdirmek, keselleriň öňüni almak ileri tutulýan meseleleriň birine öwrüldi. Bu babatda Beýik Serdarymyzyň başlangyjy bilen yglan edilen we häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet "Saglyk" maksatnamasy saglygy goraýyş ulgamynda hil taýdan düýpli özgertmeleriň başyny başlady. Şol maksatnama laýyklykda ýurdumyzda häzirki zaman lukmançylyk edaralarynyň ençemesi gurlup, olarda dünýä ülňülerine we talaplaryna laýyk gelýän täze bejeriş hem-de keselleri anyklaýyş enjamlary oturdyldy. Ýurdumyzyň saglyk öýleri, bejeriş we keselleriň öňüni alyş edaralary täze enjamlar, kompýuter tehnikasy, lukmançylyk önümleri we gurallary bilen üpjün edilýär. "Saglyk" maksatnamasynyň çäklerinde diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem her welaýatda keselleri anyklaýyş iri merkezleri gurmak göz öňünde tutuldy. Häzirki wagtda Prezidentimiziň howandarlygynda şunuň ýaly saglygy goraýyş anyklaýyş merkezi Daşoguz welaýatynda hem guruldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň halk saglygy goraýşyny ösdürmek baradaky ýadawsyz tagallalaryny aýratyn bellemek bilen, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatynyň derejesini ýokarlandyrmakda, keselleri öz wagtynda anyklap öňüni almakda anyklaýyş merkeziniň welaýatyň ilatynyň durmuşynda möhüm ähmiýetiniň bardygyny, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň ilatynyň isleg-arzuwlaryny, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň haýyşlaryny, Daşoguz welaýat häkimliginiň towakganamysyny nazarda tutup, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Daşoguz welaýatynda gurlan saglygy goraýyş anyklaýyş merkezine Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny dakmaly we ony "Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Daşoguz saglygy goraýyş anyklaýyş merkezi" diýip atlandyrmaly.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy Ö. Ataýew
Aşgabat şäheri.
2004-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 8-i.
№ 229-II.