Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
Türkmenistanyň daglarynyň iň beýik nokady bolan Koýtendagdaky Aýrybaba belentligine Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2004 ý., № 3, 24-nji madda)
Belent maksat tutup başlanýan her bir işi ahyryna çenli ýetirmek üçin diňe bir beden taýdan sagdynlygyň, güýçlüligiň, çydamlylygyň ýeterlik däl-de, eýsem şol maksadyňa ýetip biljekdigiňe bolan mizemez ynamyň, ruhubelentligiň zerurdygy Baky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ady bilen inen Mukaddes Ruhnamanyň bütin süňňünden syzylyp çykýar.
Indi üç ýyl bäri Mukaddes Ruhnama bilen ýaşaýan, onda beýan edilýän pähim-paýhasa uýýan milletimiziň merdana ogul-gyzlary bu günki gün zähmetde, durmuşda täze-täze üstünlikleri gazanmaga dalaş edýärler, gazanan üstünliklerini bolsa Baky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ady bilen baglanyşdyrýarlar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşiniň we welaýat bedenterbiýe we sport baradaky komitetiniň başlangyjy bilen welaýatyň saýlama ýaşlary we türgen bedenterbiýeçileri Köýtendagyň iň belent gerşine çykmagy maksat edinendiklerini we munda özlerine Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Baky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň sagdyn nesil barada edýän atalyk aladalarynyň egsilmez güýç-kuwwat berýändigini nygtap, şol belentlige Beýik Türkmenbaşy diýen adyň dakylmagy baradaky haýyş bilen ýüz tutdular.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli däplerini täzeden dikeltmek halkymyzyň Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Baky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşa bolan çäksiz söýgüsini we hormatyny aýratyn belläp, zähmetkeşleriň dynç alşyny we boş wagtyny netijeli geçirmegini guramagyň täze görnüşlerini durmuşa ornaşdyrmak, ruhubelent, sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmek işini wagyz etmek maksady bilen hem-de Lebap welaýatynyň ýaşlarynyň, bedenterbiýeçileriniň türkmeniň Altyn Asyrynyň iň Beýik Ynsany Baky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny ýurdumyzyň daglarynyň iň belent gaýasyna dakmak baradaky watançylyk başlangyjyny we Lebap welaýatynyň häkimliginiň towakganamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daglarynyň iň beýik nokady bolan (3 137,7m) Köýtendagdaky Aýrybaba belentliginiň adyny üýtgedip, oňa Beýik Türkmenbaşynyň adyny dakmaly we ony mundan beýläk Beýik Türkmenbaşy belentligi diýip atlandyrmaly.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy Ö. Ataýew
Aşgabat şäheri.
2004-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 10-y.
№ 234-II.