Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Balkan welaýatynyň Serdar şäherindäki dokma toplumyna Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan ejäniň adyny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ

 K A R A R Y

 

Balkan welaýatynyň Serdar şäherindäki dokma toplumyna Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan ejäniň adyny dakmak hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2004 ý., № 3, 25-nji madda)

 

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň atalyk aladasy netijesinde ýurdumyzda sazlaşykly ösýän milli dokma senagatynyň düýbi tutuldy. Bu pudakda öňde baryjy enjamlar bilen abzallaşdyrylan onlarça dokma toplumlary gurlup, müňlerçe täze iş orunlary döredildi. Ýurdumyzyň dokma pudagynyň önümlerine indi ençeme ýyllardan bäri diňe Türkmenistanda däl, eýsem onuň çaklerinden daşarda-da uly isleg bildirilýär.

Beýik Serdarymyzyň ýakyn ýyllarda her bir gowaça ekýän etrapda dokma kärhanasyny gurmak barada öňde goýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 13 ýyllyk toýunyň öň ýanynda Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde gurulýan dokma toplumynyň birinji nobatdakysynyň işe girizilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Kuwwatlylygy 11 müň tonna nah ýüplügini öndürmäge niýetlenilen we dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary öndürijilikli enjamlar bilen abzallaşdyrylan dokma toplumy 500-e golaý adamy iş bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Türkmen halky özüniň geçmişdäki şahsyýetlerine, milli gahrymanlaryna, olaryň edermenligine, il-halk üçin bitiren ajaýyp işlerine mynasyp baha berip, hatyrasyny hemişe belent tutýar. Şol edermen pederlerimiziň Beýik işleri, sarsmaz erki we ruhy, röwşen ýadygärligi hazirki nesillere türkmen döwletini berkitmekde, Altyn asyrymyzy täze zahmet ýeňişlerine beslemekde egsilmez güýç-kuwwat berýär.

Türkmenistanyň Gahrymany, külli türkmeniň käbesi Gurbansoltan ejäniň ömri we zähmet ýoly zähmetsöýerligiň, merdanalygyň, gahrymançylygyň, il-halka, maşgala ojagyna wepalylygyň hiç mahal öçmejek nusgasy bolup, halkyň hakydasynda ýaşaýar.

Halkymyzyň bu mährem hem-de şöhratly Enä bolan çuňňur söýgüsini, sylag-hormatyny aýratyn belläp, onuň röwşen ýadygärligini ebedileşdirmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň dokma pudagynyň ähli işgärleriniň arzuw-isleglerini we Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň towakganamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Balkan welaýatynyň Serdar şäherindäki dokma toplumyna Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan ejäniň adyny dakmaly we ony «Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky dokma toplumy» diýip atlandyrmaly.

 

 Türkmenistanyň

 Mejlisiniň Başlygy                                                    Ö. Ataýew

 

Aşgabat şäheri.

2004-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 30-y.

№ 235-II.