Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
Iki raýatlyk meselelerini düzgünleşdirmek barada Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky Ylalaşygyň güýjüni ýatyrmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2003 ý., № 2, 7-nji madda)
Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny baglaşmagyň, ýerine ýetirmegiň we denonsasiýalamagyň teribi hakynda Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, iki raýatlyk meselelerini düzgünleşdirmek barada Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky Ylalaşygyň hereketini bes etmek hakynda 2003-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 10-ynda Teswirnama gol çekilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Iki raýatlyk meselelerini düzgünleşdirmek barada Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky 1993-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 23-inde Aşgabat şäherinde gol çekilen we 1993-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 28-inde Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan tassyklanylan Ylalaşygyň güýjüni ýatyrmaly.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy Ö. Ataýew
Aşgabat şäheri
2003-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 22-si.
№ 179-II.