Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Lebap welaýatynyň Saparmyrat Nyýazow adyndaky etrabynyň adyny üýtgetmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ

 K A R A R Y

 

Lebap welaýatynyň Saparmyrat Nyýazow adyndaky etrabynyň adyny üýtgetmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2003 ý., № 2, 8-nji madda)

 

Türkmen halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda özüniň kyn gününde goltgy berip, aladasyny edýän, şatlygyny goşalandyryp, arzuwlaryna ýetirýän, pähim-paýhasy bilen milletiniň mertebesini beýgeldýän mert ogullaryna onuň asly adyndan başgada, kalbyndan çykaryp, il-gün, ata Watan, ene toprak üçin edýän beýik işlerini şöhlelendirýän at dakypdyr. Şol Beýik ogullaryň bitiren işleri hem hut şol At bilen hakydada galyp, müňýyllyklaryň jümmüşinden şu günlere gelip ýetip, bütin dünýäni haýran galdyrýär, nesillerimiziň ýüreklerinde buýsanç döredýär.

Türkmenleriň milli ruhuny, olaryň şan- şöhratyny täzeden dikelden we Altyn asyra giň ýol açan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletiniň ilkinji hem-de ömürlik Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ady türkmen halkynyň aňyna, taryhyna müdimilik girdi. Ýagşynyň gadryny bilmegi başarýan halkymyz ýüzlerçe ýyllap dowam eden sussupeslikden rüstem çykyp dagynyk milletiň başyny jemläp bilen şeýle mert Ogluna ýürek minnetdarlyklaryny bildirip, şeýle hem ýaş döwletimiziň baky berkararlygy üçin ruhy joşgun bilen çekýän zähmetleriniň getirýän bagtly günlerini şol Ogly bilen baglanyşdyrmak maksady bilen, öz ýaşaýan, zähmet çekýän etraplaryna, şäherlerine Saparmyrat Nyýazow diýip at dakdylar, şol Ada mynasyp zähmet çekdiler.

Bu günki gün mähriban Prezidentimiziň ynsanperwerlige, sahawatlylyga, ata Watana  wepalylyga ýugrulan, iň belent maksady adam hakdaky alada bolan adalat jemgyýetini gurmaklyga gönükdirilen egsilmez hyjuwy, bu ugurda gijesini gündiz edip çekýän ýadawsyz zähmeti öz ajaýyp netijelerini berdi we berýär. Özüniň hiç kimiňkä meňzemeýän öňdegörüjiligi, parasatlylygy, edermenligi bilen halkymyza Beýik Garaşsyzlygymyzy alyp beren we berkarar döwlet guran eziz Serdarymyz ýurdumyzda täze-täze özgertmeleri, milletimiziň şöhratyna şöhrat goşýan beýik işleri amala aşyrýär.

Mähriban Prezidentimiz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýazan mukaddes Ruhnamasy bolsa türkmen halkymyzyň ömür kitabyna, ykbal kitabyna we Altyn asyrymyzda erkana, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň şamçyragyna öwrüldi. 

Mukaddes Ruhnamanyň täsiri bilen jemgyýetimizde aň täzelenişi güýçli depginde barýar, ýagny halkymyz öz aslyna barha çuňňur göz ýetirýär, raýatlaryň her birinde päk niýet bilen çekilýän arassa zähmetiň gudratyna, şonuň netijesinde hem ertirki günlerimiziň has-da nurana, bagtyýar boljakdygyna ynam döreýär.

Prezidentimiziň iňňän oýlanşykly alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň netijesinde Türkmenistan dünýä bileleşiginde öz mynasyp ornuny tapdy. Beýik Serdarymyzyň hut özüniň işläp düzen Bitaraplyk taglymatynyň Birleşen Milletler Guramasyna girýän 185 döwlet tarapyndan ykrar edilmegi türkmen halkymyza bütindünýä hormatyny getirdi. Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyny dünýä bileleşigi zamananyň ajaýyp taryhy şahsyýetleriniň we syýahatçylarynyň biri hökmünde ykrar etdi. Halkymyz bolsa eziz Serdarymyzy milletiň täze - Altyn eýýamyny gurujy we belent derejelere ýetiriji diýip bilýär.

Türkmen özüniň şeýle bagtyýar durmuşynyň, beýik halkara abraýynyň eziz Serdarymyzyň il-günümiziň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak baradaky egsilmeýän-gowzamaýan päk arzuwlarynyň, ýadawsyz zähmetiniň netijesidigini göz öňünde tutup, onuň belent ruhuna laýyk gelýän Beýik Türkmenbaşy adyny-türkmen halkymyzyň müňýyllyklara uzap gitjek şöhratly taryhyna ömürlik girjek mynasyp adyny dakdy.

Bu il-gününiň öz Serdaryna bolan minnetdarlygynyň artyşyny şöhlelendirýän taryhy zerurlykdyr, il-gününiň ýürekden çykaryp dakan adynyň bolsa taryhda müdimilik galýandygy adamzat hakydasynyň üýtgewsiz tebigy aýratynlygydyr.

Berkarar döwletimiziň päk ýürekli raýatlarynyň öz Serdaryna garaýşyndaky bolup geçen şu ösüşleri aňlatmak, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň häzirki zamanyň görnükli syýasy we döwlet işgäri hökmündäki taryhy ornuny hem-de Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň  ata Watanyň hatyrasyna öz halkynyň eşreti üçin jan aýamazdan çekýän abyrsyz zähmetine il-gününiň goýýan sarpasynyň belentdigini geljekki nesillerimize mynasyp derejede ýetirmek maksady bilen, şeýle hem Lebap welaýat häkimliginiň we Lebap welaýatynyň Saparmyrat Nyýazow adyndaky etrabynyň ýaşaýjylarynyň haýyşnamalaryny nazara alyp,

Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Lebap welaýatynyň Saparmyrat Nyýazow adyndaky etrabynyň adyny üýtgedip, oňa Beýik Türkmenbaşy adyny dakmaly we mundan beýläk ony Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy adyndaky etraby diýip atlandyrmaly.

 

  Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy                                Ö. Ataýew 

 

   Aşgabat şäheri

   2003-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 23-i.

   № 180-II.