Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Aşgabat şäherinde gurulýan täze orta mekdebe Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan ejäniň adyny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ

 K A R A R Y

 

Aşgabat şäherinde gurulýan täze orta mekdebe Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan ejäniň adyny dakmak hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2003 ý., № 2, 11-nji madda)

 

Ata Watana, türkmen halkyna wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezen, Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň käbesi Gurbansoltan ejäniň adynyň şu gün türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň öňünde gahrymançylygyň, wepalylygyň, belent adamkärçilikli sypatlarynyň nusga öwrülendigini belläp, Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje ýyly bolan 2003-nji ýylda onuň mukaddes ruhuny, röwşen ýadygärligini ebedileşdirmek maksady bilen, şeýle hem ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleriniň towakganamasyny hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýüztutmasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Aşgabat şäherinde Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda gurulýan täze orta mekdebe Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan ejäniň adyny dakmaly we ony «Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky orta mekdep» diýip atlandyrmaly.

 

   Türkmenistanyň 

   Mejlisiniň Başlygy                                                Ö. Ataýew 

 

   Aşgabat şäheri

   2003-nji ýylyň Oguz aýynyň 14-i.

   № 183-II.