Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň adyny üýtgetmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ PREZIDIUMYNYŇ

K A R A R Y

 

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň adyny üýtgetmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2002 ý., №2, 31 mad.)

 

   (Türkmenistanyň Mejlisiniň  14.12.2007 ý. № 157-III karary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

 

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň professor-mugallymlar düzüminiň we harby talyplarynyň ýüzlenmesini, şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministriliginiň haýyşyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisiniň Müdiriýeti karar edýär:

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň adyny üýtgetmeli we ony mundan beýläk: «Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby instituty» diýip atlandyrmaly.

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy                                 T.Hallyýew

 

Aşgabat şäheri

2002 ýylyň 27-nji maýy 

№31-II