Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ PREZIDIUMYNYŇ
K A R A R Y
Türkmen halysynyň Muzeýine Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan ejäniň adyny dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2002 ý., № 2, 32 mad.)
Türkmeniň Milli haly baýramyna we Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy tarapyndan düýbi tutulan Türkmen halysynaslarynyň butin dünýä jemgyýetiniň ikinji mejlisine gatnaşan halyşynaslaryň ýüzlenmesini we Türkmenistanyň ähli halyçylarynyň haýyşnamasyny nazarda tutup, Türkmenistanyň Mejlisiniň Prezidiumy karar edýär:
Türkrnen halysynyň Muzeýine Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan ejäniň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky Türkmen halysynyň Muzeýi» diýip atlandyrmaly.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy T.Hallyýew
Aşgabat şäheri
2002 ýylyň 5-nji iýuly
№32-II