Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ PREZIDIUMYNYŇ
K A R A R Y
Aşgabat şäherinde täze gurulýan Merkezi hassahana Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2001 ý., № 3-4, 46-madda)
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň towakganamasyny hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň haýyşnamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Prezidiumy karar edýär:
Aşgabat şäherinde täze gurulýan Merkezi
hassahana Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny dakmaly we ony «Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Merkezi hassahana» diýip atlandyrmaly.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy R. Arazow
Aşgabat şäheri
2001-nji ýylyň 17-nji awgusty
№ 19-II