Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ PREZIDIUMYNYŇ
K A R A R Y
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutyna Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň
adyny dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý., № 2, 32-madda)
Harby institutyň professor-mugallymlar düzüminiň we talyplarynyň ýüztutmasyny, seýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň towakganamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Prezidiumy karar edýär:
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutyna Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby instituty» diýip atlandyrmaly.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy S. MYRADOW
Aşgabat şäheri
2000-nji ýylyň 7-nji iýuly
№ 9-II