Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
Maglumatlara elýeterli bolmak, kararlary kabul etmek
prosesine jemgyýetçiligiň gatnaşmagy hem-de töwerekdäki sreda dahylly meseleler boýunça adyl sudlulygyň elýeter bolmagy baradaky Konwensiýa goşulmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1999 ý., № 1, 18-madda)
Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Maglumatlara elýeterli bolmak kararlary kabul etmek prosesine jemgyýetçiligiň gatnaşmagy hem-de töwerekdäki sreda dahylly meseleler boýunça adyl sudlulygyň elýeter bolmagy baradaky 1998-nji ýylyň 25-nji iýunynda Orhus şäherinde (Daniýa) gol çekilen we 1998-nji ýylyň 22-nji dekabryndan goşulmak üçin açylan Konwensiýa goşulmaly.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy S. MYRADOW
Aşgabat şäheri
1999-njy ýylyň 30-njy apreli
№ 364-I