Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
Türkmenistan - Türkiýe - Ýewropa Transhazar gaz geçirijiniň (THGG) taslamasyny durmuşa geçirmek we Türkmenistandan Türkiýe Respiblikasyna tebigy gazy satmak barada Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ylalaşygy tassyklamak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1999 ý., № 1, 28-madda)
Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Türkmenistan - Türkiýe - Ýewrona Transhazar gaz geçirijiniň (THGG) taslamasyny durmuşa geçirmek we Türkmenistandan Türkiýe Respublikasyna tebigy gazy satmak barada Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky 1998-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Ankara şäherinde gol çekilen ylalaşygy tassyklamaly.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy S. MYRADOW
Aşgabat şäheri
1999-njy ýylyň 30-njy apreli
№374-I