Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ PREZIDIUMYNYŇ
K A R A R Y
Halkara medisina merkezine Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti
S. A. Nyýazowyň adyny dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1998 ý., № 2, 44-madda)
Halkara medisina merkeziniň kollektiwiniň ýüztutmasyny, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň towakganamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Prezidiumy karar edýär:
Halkara medisina merkezine Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti «S. A. Nyýazowyň adyny dakmaly we ony mundan beýläk S. A. Nyýazow adyndaky Halkara medisina merkezi» diýip atlandyrmaly.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy S. MYRADOW
Aşgabat şäheri
1998-nji ýylyň 1-nji iýuny
№ 291-I