Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda graždan we maşgala işleri boýunça hukuk kömegi we hukuk gatnaşyklary hakyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1997 ý., № 2, 20-madda)
Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda graždan we maşgala işleri boýunça hukuk kömegi we hukuk gatnaşyklary hakynda 1997-nji ýylyň 27-nji fewralynda Almaty şäherinde gol çekilen Şertnamany tassyklamaly.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy S. MYRADOW
Aşgabat şäheri
1997-nji ýylyň 12-nji iýuny
№ 233 - 1