Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
Pyýada goşuna garşy ulanylýan minalaryň peýdalanylmagyny, zapaslarynyň toplanylmagyny, öndürilmegini we berilmegini gadagan
etmek hakyndaky we şolaryň ýok edilmegi baradaky
Konwensiýany tassyklamak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1997 ý., № 4, 52-madda)
Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Türkmenistan tarapyndan 1997-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Ottawa şäherinde gol çekilen pyýada goşuna garşy ulanylýan minalaryň peýdalanylmagyny, zapaslarynyň toplanylmagyny, öndürilmegini we berilmegini gadagan etmek hakyndaky we şolaryň ýok edilmegi baradaky Konwensiýany tassyklamaly.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy S. MYRADOW
Aşgabat şäheri
1997-nji ýylyň 24-nji dekabry
№ 267-1