Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
2015-nji ýylyň 13-nji aprelinde Seul şäherinde gol çekilen
Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hem-de fiskal boýun gaçyrylmagynyň
öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Konwensiýa üýtgetmeler girizmek hakyndaky Teswirnamany tassyklamak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 2, 46-njy madda)
«Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :
2015-nji ýylyň 13-nji aprelinde Seul şäherinde gol çekilen Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hem-de fiskal boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Konwensiýa üýtgetmeler girizmek hakyndaky 2019-njy ýylyň 17-nji aprelinde Aşgabat şäherinde gol çekilen Teswirnamany tassyklamaly.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa
Aşgabat şäheri.
2019-njy ýylyň 8-nji iýuny.
№ 163-VI.