Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ PREZIDIUMYNYŇ
K A R A R Y
Mary welaýatynyň Türkmengala posýologyndaky ýüplük fabrigine Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň
adyny dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1994 ý., № 1-2, 11 mad.)
Ýüplük fabriginiň kollektiwiniň islegini, şeýle hem Türkmenistanyň Oba hojalyk we azyk ministrliginiň teklibini nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Prezidiumy karar edýär:
Mary welaýatynyň Türkmengala posýologyndaky ýüplük fabrigine Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Türkmengalanyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýüplük fabrigi» diýip atlandyrmaly.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy S. MYRADOW
Aşgabat şäheri
1994-nji ýylyň 4-nji marty
№ 939 - XII