Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Daşhowuz welaýatynyň Daşhowuz etrabynyň Täzebazar posýologynyň adyny üýtgetmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ PREZIDIUMYNYŇ

K A R A R Y

 

Daşhowuz welaýatynyň Daşhowuz etrabynyň Täzebazar posýologynyň adyny üýtgetmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., № 2, 8 mad.)

 

Daşhowuz welaýatynyň Daşhowuz etrabynyň Täzebazar posýologynyň zähmetkeşler kolektiwleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň haýyşyny, şeýle hem Daşhowuz welaýatynyň häkimliginiň towakgasyny nazara alyp, Mejlisiň Prezidiumy karar edýär:

Daşhowuz welaýatynyň Daşhowuz etrabynyň Täzebazar posýologynyň  adyny üýtgedip, oňa Türkmenistanyň Prezidenti S. A. Nyýazowyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Daşhowuz welaýatynyň Daşhowuz etrabynyň Nyýazow posýology» diýip atlandyrmaly.

 

Mejlisiň Başlygy                                                      S. MYRADOW

                         

Aşgabat şäheri 

1993-nji ýylyň 8-nji fewraly 

№ 806 - XII