Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ PREZIDIUMYNYŇ
K A R A R Y
Köneürgenjiň pagta arassalaýjy zawodyna Türkmenistanyň Prezidenti S. A. Nyýazowyň adyny dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., № 2, 9 mad.)
Köneürgenjiň pagta arassalaýjy zawodynyň zähmetkeşler kollektiwiniň haýyşyny, şeýle hem Daşhowuz welaýatynyň häkimliginiň towakgasyny nazara alyp, Mejlisiň Prezidiumy karar edýär:
Köneürgenjiň pagta arassalaýjy zawodyna Türkmenistanyň Prezidenti S. A. Nyýazowyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Köneürgenjiň Türkmenistanyň Prezidenti S. A. Nyýazow adyndaky pagta arassalaýjy zawody» diýip atlandyrmaly.
Mejlisiň Başlygy S. MYRADOW
Aşgabat şäheri
1993-nji ýylyň 8-nji fewraly
№ 807-XII