Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ PREZIDIUMYNYŇ
K A R A R Y
«Garabogazsulfat» önümçilik birleşigine Türkmenistanyň Prezidenti S. A. Nyýazowyň adyny dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., № 2, 11 mad.)
«Garabogazsulfat» önümçilik birleşiginiň zähmetkeşler kollektiwiniň ýüzlenmesini, şeýle hem Balkan welaýatynyň häkimliginiň towakgasyny nazara alyp, Mejlisiň Prezidiumy karar edýär:
«Garabogazsulfat» önümçilik birleşigine Türkmenistanyň Prezidenti S. A. Nyýazowyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Türkmenistanyň Prezidenti S.A. Nyýazow adyndaky «Garabogazsulfat» önümçilik birleşigi» diýip atlandyrmaly.
Mejlisiň Başlygy S. MYRADOW
Aşgabat şäheri
1993-nji ýylyň 11-nji fewraly
№ 809 - XII