Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Içeri işler ministrliginiň Ýokary mekdebine Türkmenistanyň Prezidenti S. A. Nyýazowyň adyny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ PREZIDIUMYNYŇ

K A R A R Y

 

Içeri işler   ministrliginiň  Ýokary mekdebine Türkmenistanyň Prezidenti S. A. Nyýazowyň adyny dakmak hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., № 2, 14 mad.)

 

Içeri işler ministrliginiň Ýokary mekdebiniň komandirler-mugallymlar sostawynyň, diňleýjileriniň we kursantlarynyň haýyşyny, şeýle hem Içeri işler ministrliginiň towakgasyny nazara alyp, Mejlisiň Prezidiumy karar edýär:

Içeri işler ministrliginiň Ýokary mekdebine Türkmenistanyň Prezidenti S. A. Nyýazowyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Türkmenistanyň Prezidenti goşun generaly S. A. Nyýazow adyndaky Ýokary mekdebi» diýip atlandyrmaly.

 

Mejlisiň Başlygy                                                     S. MYRADOW                       

 

Aşgabat şäheri 

1993-nji ýylyň 17-nji fewraly 

№ 812 - XII