Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

«Türkmen atlary» Döwlet respublikan birleşiginiň «Komsomol» atçylyk zawodynyň adyny üýtgetmek hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ PREZIDIUMYNYŇ

K A R A R Y

 

«Türkmen atlary» Döwlet respublikan birleşiginiň «Komsomol» atçylyk zawodynyň adyny üýtgetmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., № 2, 18 mad.)

 

«Komsomol» atçylyk zawodynyň kollektiwiniň haýyşyny, şeýle hem «Türkmen atlary» Döwlet respublikan birleşiginiň towakgasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Prezidiumy karar edýär:

«Komsomol» atçylyk zawodynyň adyny üýtgedip, oňa Türkmenistanyň Prezidenti S. A. Nyýazowyň adyny dakmaly hem-de «Ahal-teke» diýen at bermeli we mundan beýläk ony «Türkmen atlary» Döwlet respublikan birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidenti S. A. Nyýazow adyndaky ahal-teke atçylyk zawody» diýip atlandyrmaly.

 

Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy                           S. MYRADOW

                         

Aşgabat şäheri 

1993-nji ýylyň 23-nji fewraly 

№ 816-XII