Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ PREZIDIUMYNYŇ
K A R A R Y
S. A. Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň adyny dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., № 3, 20 mad.)
(Türkmenistanyň Mejlisiniň 15.08.2007 ý. № 136-III karary esasynda girizilen
üýtgetmeler bilen)
Kesel bejeriş-konsultatiw merkeziniň zähmetkeşler kollektiwiniň haýyşyny, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň we Aşgabat şäheriniň häkimliginiň towakgasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Prezidiumy karar edýär:
Kesel bejeriş-konsultatiw merkezine Türkmenistanyň Prezidenti S.A.Nyýazowyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «S. A. Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkezi» diýip atlandyrmaly.
Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy S. MYRADOW
Aşgabat şäheri
1993-nji ýylyň 1-nji marty
№ 819-XII