Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Etraplaryň, posýoloklaryň, kolhozlaryň, sowhozlaryň, kärhanalaryň adyny üýtgetmek we olara Türkmenistanyň Prezidenti S. A. Nyýazowyň adyny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ PREZIDIUMYNYŇ

K A R A R Y

 

Etraplaryň, posýoloklaryň, kolhozlaryň, sowhozlaryň, kärhanalaryň adyny üýtgetmek we olara Türkmenistanyň Prezidenti S. A. Nyýazowyň adyny dakmak hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., № 3, 22 mad.)

 

Geňeşleriň kararlaryny, kärhanalaryň, kolhozlaryň, sowhozlaryň zähmetkeşler  kollektiwleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, haýyşlaryny, şeýle hem Ahal, Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň towakgalaryny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Prezidiumy karar edýär:

1. Şu aşakdakylaryň adyny üýtgedip, olara Türkmenistanyň Prezidenti S.A.Nyýazowyň adyny dakmaly:

 

Ahal welaýaty boýunça: 

Gäwers etrabynyň «Leninizm ýoly» sowhozyny, Kaka etrabynyň Lenin adyndaky, Gökdepe etrabynyň «Köpetdag», Sarahs etrabynyň «Leninizm» kolhozlaryny degişli suratda:

«Gäwers etrabynyň S. A.  Nyýazow  adyndaky sowhozy»;

«Kaka etrabynyň S. A. Nyýazow adyndaky kolhozy»;

«Gökdepe etrabynyň S. A. Nyýazow adyndaky kolhozy»;

«Sarahs etrabynyň S. A. Nyýazow adyndaky kolhozy» diýip atlandyrmaly.

 

Balkan welaýaty boýunça:

Krasnowodsk etrabyny we şol etrabyň Jaňga posýologyny degişli suratda: «Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etraby» hem-de «Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Türkmenbaşy posýology» diýip atlandyrmaly.

 

Lebap welaýaty boýunça:

Dostluk etrabyny we Boýnyuzyn etrabynyň Moskwa posýologyny degişli suratda: «Lebap welaýatynyň Saparmyrat Nyýazow etraby» hem-de «Lebap welaýatynyň Boýnyuzyn etrabynyň Nyýazow posýology» diýip atlandyrmaly.

Çarşaňňy etrabynyň Kirow adyndaky, Boýnyuzyn etrabynyň «Bolşewik», Dänew etrabynyň Lenin adyndaky, Çärjew etrabynyň Iliç adyndaky, Sakar etrabynyň «Bolşewik», Hojambaz etrabynyň «Parahat», Kerki etrabynyň «SSKP-niň XXI gurultaýy» kolhozlaryny degişli suratda:

«Çarşaňňy etrabynyň S. A. Nyýazow adyndaky kolhozy»;

«Boýnyuzyn etrabynyň S. A. Nyýazow adyndaky kolhozy»;

Dänew etrabynyň S. A. Nyýazow adyndaky kolhozy»;

Çärjew etrabynyň S. A. Nyýazow adyndaky kolhozy»;

«Sakar etrabynyň S. A. Nyýazow adyndaky kolhozy»;

«Hojambaz etrabynyň S. A. Nyýazow adyndaky kolhozy»;

«Kerki etrabynyň S. A. Nyýazow adyndaky kolhozy» diýip atlandyrmaly.

 

Mary welaýaty boýunça:

Mary şäheriniň «Energetik» posýologyny mundan beýläk «Mary şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy posýology» diýip atlandyrmaly;

Ýöleten etrabynyň Çapaýew adyndaky eksperimental hojalygyny, Mary etrabynyň Lenin adyndaky kolhozyny degişli suratda:

«Ýöleten etrabynyň S. A. Nyýazow adyndaky eskperimental hojalygy»;

«Mary etrabynyň S. A. Nyýazow adyndaky kolhozy» diýip atlandyrmaly.

 

Aşgabat şäheri boýunça:

F. E. Dzeržinskiý adyndaky nah mata kombinatyny mundan beýläk «S. A. Nyýazow adyndaky nah mata kombinaty» diýip atlandyrmaly.

2. Şu aşakdakylara Türkmenistanyň Prezidenti S. A. Nyýazowyň adyny dakmaly:

 

Lebap welaýaty boýunça:

Çärjewiň kärende himiýa kärhanasyny, Halajyň pagta arassalaýjy zawodyny, «Türkmenderman» döwlet ylmy-önümçilik birleşiginiň «Buýan» agrosenagat kompleksini, Saparmyrat Nyýazow etrabynyň däneçilik sowhozyny, Garabekewüliň üzümçilik sowhoz-zawodyny mundan beýläk degişli suratda:

«Çärjewiň S. A. Nyýazow adyndaky kärende himiýa kärhanasy»;

«Halajyň S. A. Nyýazow adyndaky pagta arassalaýjy zawody»;

«Türkmenderman» döwlet ylmy-önümçilik birleşiginiň S.A. Nyýazow adyndaky «Buýan» agrosenagat kompleksi»;

«Saparmyrat Nyýazow etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky däneçilik sowhozy»;

«Garabekewüliň S. A. Nyýazow adyndaky üzümçilik sowhoz-zawody» diýip atlandyrmaly.

 

Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy                            S. MYRADOW

 

Aşgabat şäheri 

1993-nji ýylyň 9-njy marty 

№ 821-XII