Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
Saparmyrat Türkmenbaşynyň doglan gününi her ýyllyk ählihalk baýramy edip bellemek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., № 9-10, 52 mad.)
Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň gözbaşynda durýan Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň alyp barýan parasatly hem öňden görüjülikli syýasaty adamlaryň ýüreginde ertirki güne bolan ynamy, özleriniň diýaryna buýsanç duýgusyny galkyndyrýar. Saparmyrat Türkmenbaşynyň Türkmenistanyň gulläp ösmeginiň hatyrasyna öüniň güýç-gaýratyny gaýgyrman iş alyp barýanlygy onuň doglan gününe guwançly, hem şanly waka hökmünde sarpa goýýan halkymyzyň ýürek soýgüsine hem hormatyna mynasyp boldy. Graždanlaryň, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň haýyşlaryny nazara alyp,Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Saparmyrat Türkmenbaşynyň doglan güni bolan 19-njy fewraly her ýyllyk ählihalk baýramy edip bellemeli hem-de şol güni dynç alyş güni diýip yglan etmeli.
Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy S. MYRADOW
Aşgabat şäheri
1993-nji ýylyň 1-nji oktýabry
№ 857-XII