Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
2020-nji ýyly «Türkmenistan ‒ Bitaraplygyň mekany» diýip
yglan etmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 4, 102-nji madda)
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan ‒ rowaçlygyň Watany» ýyly uly döredijilik üstünliklerine, ýatdan çykmajak şanly wakalara beslenip, ýurdumyzyň täze taryhynyň sahypalaryna ýazylýar. Tamamlanyp barýan ýyl türkmen jemgyýetinde agzybirligiň we jebisligiň höküm sürmegi, halkymyzyň öz milli Lideriniň töweregine has-da mäkäm jebisleşmegi, ýurdumyzyň döwlet gurluşynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi, demokratik başlangyçlaryň ösdürilmegi, halkymyzyň maddy, ruhy-medeni, taryhy mirasynyň we däp-dessurlarynyň giňden wagyz edilmegi bilen häsiýetlendirilýär.
Geçip barýan ýylda gazanylan üstünlikler we ýetilen sepgitler halkymyzyň döredijilik güýjüniň we mümkinçilikleriniň egsilmezdigini, täze ýylda has belent sepgitlere ýetip biljekdigini ýene-de bir gezek subut edýär. Hut şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty her bir adamyň döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmäge, adam maýasyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, döwletimiziň ykdysady ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmak, pudaklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ähli ugurlarda sanly ulgamy ornaşdyrmak, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, ylym, durmuş ulgamlaryny özgertmek boýunça işler dowam etdirilýär. Oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeler özüniň oňyn netijelerini berýär.
Taryhda halkyň durmuşyna müdimilik girýän seneler, wakalar bolýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry ýurdumyz üçin şöhratly seneleriň biri hökmünde türkmen halkynyň taryhyna müdimilik girdi. Bu sene Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 12-nji dekabr Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.
Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň döwletimiz üçinem, halkymyz üçinem nähili uly ähmiýetiniň bolandygyna garaşsyz ösüşiň ýyllary içinde gazanylan üstünlikler aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň hakykatdan hem Bitaraplygyň Watanyna, Bitaraplygyň mekanyna öwrülendigini, dünýäde iki gezek ykrar edilen Bitarap döwletdigini uly buýsanç bilen aýdyp bolar. Bitaraplyk halkymyzyň milli guwanjyna we mertebesine öwrüldi. Bu gün Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji döwletdigini, onuň bitaraplyk syýasatynyň sebitde parahatçylygy berkitmekde tutýan möhüm ornuny, toplan syýasy tejribesini bütin dünýä ykrar edýär.
Şu nukdaýnazardan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça «2021-nji ýyl ‒ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edilmegi, Birinji Hazar ykdysady forumynyň Jemleýji Beýannamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmegi milli Liderimiziň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde gazanan uly üstünlikleriniň biridir.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk syýasatyna daýanyp, «Açyk gapylar» syýasatynyň durmuşa geçirilmegi, şonuň esasynda daşary ýurt maýa goýumlary üçin amatly şertleriň döredilmegi, dürli döwletler we halklar bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmegi – bularyň hemmesi Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanmagy bilen şertlendirilendir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen ägirt uly taslamalaryň we taryhy maksatnamalaryň ähmiýetini, döwletimiziň hoşniýetli goňşuçylyk, deň hukukly we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp alyp barýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýyly «Türkmenistan ‒ Bitaraplygyň mekany» diýip atlandyrmak hakyndaky başlangyjyny goldap, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :
2020-nji ýyly «Türkmenistan ‒ Bitaraplygyň mekany» diýip yglan etmeli.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa
Aşgabat şäheri.
2019-njy ýylyň 27-nji dekabry.
№ 220-VI.