Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., № 11-12, 119 mad.)
Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda 1993-nji ýylyň 19-nji maýynda Aşgabat şäherinde gol çekilen Şertnamany tassyklamaly.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy S. MYRADOW
Aşgabat şäheri
1993-nji ýylyň 28-nji dekabry
№ 925-XII