Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda döredilen
täze ilatly ýeri oba derejesine degişli etmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 4, 103-nji madda)
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň şäherlerinde, şäherçelerinde we obalarynda durmuş-ykdysady infrastrukturany mundan beýläk hem ösdürmek boýunça amala aşyrylýan syýasatyň netijesinde halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün etmek üçin giň möçberli özgertmeler durmuşa geçirilýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin zerur şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda täze ilatly ýeriň döredilendigini göz öňünde tutup we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :
1. Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda döredilen täze ilatly ýere oba derejesini bermeli we oňa «Rowaç» adyny dakmaly.
2. Rowaç obasyny Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Arkaç geňeşliginiň düzümine goşmaly.
3. Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Arkaç geňeşliginiň edara ediş merkezini Rowaç obasyna geçirmeli.
4. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ýer serişdeleri gullugy Balkan welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde bellenen tertipde Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Arkaç geňeşliginiň Rowaç obasynyň dolandyryş çäklerini bellemek işlerini geçirmeli.
5. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa
Aşgabat şäheri.
2019-njy ýylyň 30-njy dekabry.
№ 221-VI.