Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTAN ÝOKARY SOWETINIŇ
K A R A R Y
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyklary tassyklamak hakynda
(Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň Maglumatlary, 1992 ý., № 2, 8 mad.)
Türkmenistan bilen Türkiýäniň halklarynyň arasyndaky köp taraplaýyn aragatnaşyklaryň giňeldilmegine uly ähmiýet berip, olaryň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň Prezidenti S. A. Nyýazowyň uly rolunyň bardygyny belläp, Türkmenistan Ýokary Soweti karar edýär:
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda hem-de Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygy hakynda 1991-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Ankara şäherinde baglaşylan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti S. A. Nyýazow tarapyndan gol çekilen ylalaşyklary tassyklamaly.
Türkmenistan Ýokary
Sowetiniň Başlygy S. Myradow
Aşgabat şäheri
1992-nji ýylyň 19-njy fewraly
№ 657-XII