Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTAN ÝOKARY SOWETINIŇ
K A R A R Y
Türkmenistanyň Çärjew oblastynda Boýnyuzyn raýonyny
döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň Maglumatlary, 1992 ý., № 2, 16 mad.)
Türkmenistan Ýokary Soweti karar edýär:
1. Türkmenistanyň Çärjew oblastynda merkezi şäher tipli Moskwa posýologynda bolan Boýnyuzyn raýonyny döretmeli, Bolşewik, Boýnyuzyn, Gyzyl Ýyldyz oba Sowetlerini we şäher tipli Moskwa posýologyny Çärjew oblastynyň Dänew raýonyndan aýryp, Boýnyuzyn raýonynyň sostawyna bermeli.
2. Täze döredilen raýonyň territoriýasynda ýerleşen saýlaw okruglary boýunça saýlanan halk deputatlarynyň Dänew raýon Sowetiniň deputatlaryndan ybarat Boýnyuzyn raýonynda halk deputatlarynyň Boýnyuzyn raýon Sowetini döretmeli.
3. Halk deputatlarynyň Boýnyuzyn we Dänew raýon Sowetleriniň iň pes bellenen normadan az sanda işlemeklerine, kadadan çykma hökmünde rugsat bermeli.
Türkmenistan Ýokary
Sowetiniň Başlygy S. Myradow
Aşgabat şäheri
1992-nji ýylyň 19-njy fewraly
№ 665-XII