Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çärjew oblastynyň Farap raýonynyň Bitik poselogynyň adyny üýtgetmek, täze posýology bellige almak we Bitik oba Sowetini bölmek hakynda

TÜRKMENISTAN ÝOKARY SOWETINIŇ 

K A R A R Y

 

Çärjew oblastynyň Farap raýonynyň Bitik poselogynyň adyny  üýtgetmek, täze posýology bellige almak we Bitik oba Sowetini bölmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň Maglumatlary, 1992 ý., № 2, 17 mad.)

 

Türkmenistan Ýokary Soweti karar edýär:

1. Farap raýonynyň Bitik oba Sowetiniň häzirki Bitik posýologyny Jendi posýology diýip atlandyrmaly.

2. Farap raýonynyň Bitik oba Sowetiniň «Kommunizm» kolhozynyň peýdalanýan ýerlerinde dörän täze posýology bellige alyp, ony Bitik posýology diýip atlandyrmaly.

3. Çärjew oblastynyň Farap raýonynyň Bitik oba Sowetini bölüp, onuň territoriýasynda «TSSR-iň 50 ýyllygy» kolhozynyň peýdalanýan ýerleriniň çäginde merkezi Jendi posýologynda bolan Jendi oba Sowetini hem-de «Kommunizm» kolhozynyň peýdalanýan ýerleriniň çäginde merkezi Bitik posýologynda bolasn Bitik oba Sowetini döretmeli.

Jendi oba Sowetiniň sostawyna Başsaka, Joşgun, Jendi, Goşaaryk, Gyzyl Goşun, Sandykly, Tolkun, Ýalkym posýoloklaryny, Bitik oba Sowetiniň sostawyna bolsa Bitik, Gülabat, 9-njy Maý, Sosializm, Täzeýol, Çarmerde posýoloklaryny bermeli.

4. Jendi we Bitik oba Sowetlerinde şolaryň territoriýalarynda ýerleşen saýlaw okruglary boýunça saýlanan Bitik oba Sowetiniň deputatlaryndan ybarat halk deputatlarynyň oba Sowetlerini döretmeli.

5. Şu degişli üýtgetmeleri Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň
Prezidiumynyň 1987-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul eden Ukazy (TSSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1987 ý., № 14, 65-nji madda) bilen tassyklanan Türkmenistanyň posýoloklarynyň Spisogyna girizmeli.

 

Türkmenistan  Ýokary 

Sowetiniň Başlygy                                                         S. Myradow   

 

Aşgabat şäheri 

1992-nji ýylyň 19-njy fewraly   

№ 666-XII