Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
Türkmenistanyň içeri işler organlarynyň rýadowoý we naçalnikler sostawynyň Kasamynyň tekstini hem-de ony kabul etmegiň tertibi hakyndaky Düzgünnamany tasyklamak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1992 ý., № 5, 42 mad.)
Türkmenistanyň «Milisiýa hakyndaky» Kanunynyň 20-nji maddasyna laýyklykda, Mejlis karar edýär:
Türkmenistanyň içeri işler organlarynyň rýadowoý we naçalnikler sostawynyň Kasamynyň tekstini hem-de Türkmenistanyň içeri işler organlarynyň rýadowoý we naçalnikler sostawynyň Kasam kabul etmeginiň tertibi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamaly.
Mejlisiň Başlygy S. Myradow
Aşgabat şäheri
1992-nji ýylyň 19-njy maýy
№ 703-XII
Türkmenistanyň içeri işler organlarynyň rýadowoý
we naçalnikler sostawynyň
K A S A M Y
Men - Türkmenistanyň graždany içeri işler organlarynda gulluk etmäge girmek bilen, Kasam kabul edýärin hem-de iň soňky demime çenli Kanuna, Prezidente, öz halkyma, Watana wepaly bolup galjakdygyma, päk ýürekli, mert, düzgün-tertipli, hüşgär işgär boljakdygyma, gullugy göreldeli ýerine ýetirijekdigime, döwlet we gulluk syryny saklajakdygyma dabaraly kasam edýärin.
Men öz üstüme ýüklenen ähli gulluk borçlaryny, ustawlaryň talaplaryny we buýruklaryny ak ýürek bilen hem gürrüňsiz ýerine ýetirjekdigime, öz güýç-gaýratymy, gerek bolsa janymy hem gaýgyrmajakdygyma kasam edýärin.
Eger-de men özümiň beren şu dabaraly Kasamymy bozaýsam, goý, maňa kanunyň bütin güýji bilen temmi berilsin.
Türkmenistanyň içeri işler organlarynyň rýadowoý we naçalnikler sostawynyň Kasam kabul etmeginiň tertibi hakynda
D Ü Z G Ü N N A M A
1. Türkmenistanyň içeri işler organlarynyň rýadowoý we naçalnikler sostawyna degişli her bir işgäri Kasam kabul edýär.
Kasamy her bir adam aýratyn kabul edýär.
2. Kasamy şu aşakdakylar kabul edýär:
a) rýadowoý we kiçi naçalnikler sostawyna degişli adamlar deslapky taýýarlygy geçip bolanlaryndan hem-de esasy gulluk borçlaryny, Kasamyň ähmiýetini we içeri işler organlaryndaky düzgün-tertibiň talaplaryny özleşdirenlerinden soň, ýöne özleriniň hemişelik gulluk etmeli ýerlerine gelen günlerinden beýläk üç aýdan gije galman kabul edýärler;
b) Türkmenistan Içeri işler ministrliginiň okuw jaýlarynyň kursantlary we diňleýjileri - eger olar öň özleriniň okuwa kabul edilen gününden beýläk üç aýdan gijä galman Kasam kabul etmedik bolsalar;
w) orta, uly we ýokary naçalnikler sostawyna degişli adamlar - Türkmenistan Içeri işler ministrliginiň kadrlary hökmünde kabul edilen gününden üç aýdan gijä galynman.
3. Kasam içeri işler organlarynyň naçalniginiň, podrazdeleniýe komandiriniň, okuw jaýynyň naçalniginiň ýolbaşçylygynda dabaraly ýagdaýda kabul edilýär.
Kasam kabul etmegiň dabaraly däp-tutumyna hormatly myhmanlar, metbugatyň, radionyň we telewideniýäniň wekilleri çagyrylýar. Kasam kabul edenleri surata düşürmek hem bolar.
4. Kasamyň kabul edilmeli wagty içeri işler organy, podrazdeleniýe, okuw jaýy boýunça berilýän buýrukda yglan edilýär. Şoňa çenli Kasamy kabul edýän adam bilen Kasamyň ähmiýeti, içeri organlarynyň geçen taryhy ýoly hem-de olaryň wezipeleri hakynda düşündiriş işi geçirilýär, Türkmenistanyň «Milisiýa hakyndaky» Kanuny öwrenilýär.
5. Bellenilen wagtda içeri işler organlarynyň, podrazdeleniýäniň, okuw-jaýynyň liçnyý sostawy bellenilen formadaky geýimlerini geýip, baýdagy hem orkestri bilen hatara durýar. Kasam kabul edýänler birinji şerengada (hatarda) durýarlar. Içeri işler organynyň naçalnigi, podrazdeleniýäniň komandiri, okuw jaýynyň naçalnigi gysgaça söz sözläp, Kasamyň ähmiýetini hem-de içeri işler organlarynyň kasam kabul eden işgärlerine Watana wepaly bolmak, şeýle hem hukuk tertibini, graždanlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini jenaýatçylykly hyýanatçylyklardan goramak barada nähili hormatly hem jogapkärli borçlaryň ýüklenýändigini düşündirýär. Düşündiriş sözünden soň içeri işler organynyň naçalnigi, podrazdeleniýäniň komandiri, okuw jaýynyň naçalnigi «Wolno» komandasyny berýär we Kasam kabul etmäge başlamak barada buýruk berýär.
Kasam kabul edýän adam hatardan (stroýdan) nobatma-nobat çagyrylýar we olaryň her biri hataryň öňünde Kasamyň tekstini sesli okaýar, soňra bolsa Kasamyň teksti ýazylgy ýörite blanka hut özi gol çekýär we hatara baryp, öz ornunda durýar.
Kasam kabul edilip gutarandan soň Kasamyň teksti ýazylgy blanklar içeri işler organynyň naçalnigine, podrazdeleniýäniň komandirine, okuw jaýynyň naçalnigine berilýär. Naçalnik (komandir) Kasam kabul edenleri gutlaýar, şondan soň orkestr Türkmenistanyň Döwlet gimnini çalýar.
Döwlet gimni çalnandan soň liçnyý sostaw dabaraly marş bilen geçýär.
Howa sowuk ýa-da ýagynly bolanda Kasam jaýyň içinde kabul edilip bilner.
Rýadowoý we naçalnikler sostawyna degişli adamlar Kasamy bir sebäbe görä bellenilen günde kabul etmedik bolsalar, Kasamy soň bir gün içeri işler organlarynyň naçalniginiň, podrazdeleniýe komandiriniň, okuw jaýynyň naçalniginiň ýolbaşçylygynda aýratyn kabul edýärler.
6. Kasamyň teksti ýazylgy hem-de oňa kabul edeniň goly çekilgi blank Kasamy kabul eden işgäriň hususy delosynyň ýanyna çatylýar.
7. Şu Düzgünnamany öz wagtynda we takyk ýerine ýetirmek hem-de rýadowoý we naçalnikler sostawyna degişli adamlaryň hemmesiniň Kasam kabul edişini hasaba almak baradaky jogapkärçilik içeri işler organlarynyň naçalniginiň, podrazdeleniýe komandiriniň, okuw jaýynyň naçalniginiň üstüne ýüklenýär.
Bellik. Liçnyý sostawynyň sany 50 adamdan az bolan şäher, raýon organlarynda ýaş işgärler Kasamy Içeri işler uprawleniýesinde kabul edýärler.
Kasam kabul etmek işi her kwartalda bir gezek şöhratly seneler günlerinde guralýar.