Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ PREZIDIUMYNYŇ
K A R A R Y
Türkmenistanyň derýa parohodçylygyna Türkmenistanyň Prezidenti S. A. Nyýazowyň adyny dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1992 ý., № 12, 127 mad.)
Türkmenistanyň derýa parohodçylygynyň zähmetkeşler kollektiwiniň towakgasyny, şeýle hem Lebap welaýatynyň häkimliginiň ýanyndaky kärhanalara, guramalara, okuw jaýlaryna we beýleki obýektlere at dakmak hem-de olaryň adyny üýtgetmek baradaky komissiýanyň haýyşyny nazara alyp, Mejlisiň Prezidiumy karar edýär:
Türkmenistanyň derýa parohodçylygyna Türkmenistanyň Prezidenti S. A. Nyýazowyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Türkmenistanyň Prezidenti S.A. Nyýazow adyndaky türkmen derýa parohodçylygy» diýip atlandyrmaly.
Mejlisiň Başlygy S. Myradow
Aşgabat şäheri
1992-nji ýylyň 30-njy dekabry
№ 789-XII