Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ PREZIDIUMYNYŇ
K A R A R Y
W. I. Lenin adyndaky Büzmeýin GRES-iniň adyny üýtgetmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1992 ý., № 12, 126 mad.)
Büzmeýin GRES-iniň zähmetkeşler kollektiwiniň towakgasyny, şeýle hem Ahal welaýatynyň häkimliginiň ýanyndaky kärhanalara, edaralara, okuw jaýlaryna we beýleki obýektlere at dakmak hem-de olaryň adyny üýtgetmek baradaky komissiýanyň haýyşyny nazara alyp, Mejlisiň Prezidiumy karar edýär:
W. I. Lenin adyndaky Büzmeýin GRES-iniň adyny üýtgedip, oňa Türkmenistanyň Prezidenti S. A. Nyýazowyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Türkmenistanyň Prezidenti S. A. Nyýazow adyndaky Büzmeýin GRES-i» diýip atlandyrmaly.
Mejlisiň Başlygy S. Myradow
Aşgabat şäheri
1992-nji ýylyň 28-nji dekabry
№ 788-XII