Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ PREZIDIUMYNYŇ
K A R A R Y
Asmana atyjy-raketa brigadasyna (31836-njy goşun bölümi) Türkmenistanyň Prezidenti S. A. Nyýazowyň adyny dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1992 ý., № 10-11, 98 mad.)
Asmana atyjy-raketa brigadasynyň (31836-njy goşun bölümi) komandowaniýesiniň we liçnyý sostawynyň towakgasyny, şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň haýyşnamasyny nazara alyp, Mejlisiň Prezidiumy karar edýär:
Asmana atyjy-raketa brigadasyna (31836-njy goşun bölümi) Türkmenistanyň Prezidenti S.A.Nyýazowyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Türkmenistanyň Prezidenti S. A. Nyýazow adyndaky asmana atyjy-raketa brigadasy (31836-njy goşun bölümi)» diýip atlandyrmaly.
Mejlisiň Başlygy S. Myradow
Aşgabat şäheri
1992-nji ýylyň 13-nji noýabry
№ 774-XII