Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň Oba hojalyk ylymlar akademiýasyna Türkmenistanyň Prezidenti akademik S. A. Nyýazowyň adyny dakmak hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ PREZIDIUMYNYŇ 

   K A R A R Y

 

Türkmenistanyň Oba hojalyk ylymlar akademiýasyna Türkmenistanyň Prezidenti akademik S. A. Nyýazowyň adyny dakmak hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1992 ý.,  № 10-11, 99 mad.)

 

Türkmenistanyň Oba hojalyk ylymlar akademiýasyny döretmek, onuň berkarar bolmagynda we ösmeginde Türkmenistanyň Prezidenti akademik S. A. Nyýazowyň uly hyzmatlar bitirendigini, şeýle hem bu Akademiýanyň kollektiwiniň haýyşyny nazara alyp, Mejlisiň Prezidiumy karar edýär:

Türkmenistanyň Oba hojalyk ylymlar akademiýasyna Türkmenistanyň  Prezidenti akademik S.A.Nyýazowyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Türkmenistanyň Prezidenti akademik S. A. Nyýazow adyndaky Türkmenistanyň Oba hojalyk ylymlar akademiýasy» diýip atlandyrmaly.

 

Mejlisiň Başlygy                                               S. Myradow

 

Aşgabat şäheri 

1992-nji ýylyň 16-njy noýabry     

№ 775-XII