Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ PREZIDIUMYNYŇ
K A R A R Y
Gyzyl Baýdak hem II derejeli Kutuzow ordenli Zimownikow gwardiýa motoatyjylyk birikmesine (01160-njy harby bölümi) Türkmenistanyň Prezidenti S. A. Nyýazowyň adyny dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1992 ý., № 12, 123 mad.)
Gyzyl Baýdak hem II derejeli Kutuzow ordenli Zimownikow gwardiýa motoatyjylyk birikmesiniň (01160-njy harby bölümi) komandowaniýesiniň we liçnyý sostawynyň ýüzlenmesini, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň haýyşyny göz öňünde tutup, Mejlisiň Prezidiumy karar edýär:
Gyzyl Baýdak hem II derejeli Kutuzow ordenli Zimownikow gwardiýa motoatyjylyk birikmesine (01160-njy harby bölümi) Türkmenistanyň Prezidenti S. A. Nyýazowyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Türkmenistanyň Prezidenti S.A.Nyýazow adyndaky Gyzyl Baýdak hem II derejeli Kutuzow ordenli Zimownikow gwardiýa motoatyjylyk birikmesi» diýip atlandyrmaly.
Mejlisiň Başlygy S. Myradow
Aşgabat şäheri
1992-nji ýylyň 10-njy dekabry
№ 777-XII