Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda

 

 

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

 

 

 

 

Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk bölünişiginiň

meseleleri hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 1, 5-nji madda)

 

 

Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk bölünişigini döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, şäherde iri etraplary döretmek maksady bilen, şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimliginiň towakganamasyny we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi               

     k a r a r  e d ý ä r :

1. Aşgabat şäheriniň Abadan we Ruhabat etraplaryny ýatyrmaly we olaryň ýerlerini Aşgabat şäheriniň degişli etraplarynyň çäklerine geçirmeli.

2. Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň adyny üýtgedip, oňa Büzmeýin adyny dakmaly we ony Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etraby diýip atlandyrmaly.

3. Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin we Köpetdag etraplarynyň çäklerini şu kararyň goşundysyna laýyklykda bellemeli.

4. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary,              2010 ý., № 2, 36-njy madda) bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli. 

5. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň dolandyryş çäginiň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli.

6. Şu karar gol çekilen gününden güýje girýär. 

 

 

Türkmenistanyň 

Mejlisiniň Başlygy                                           A.Nurberdiýewa

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2018-nji ýylyň 5-nji ýanwary.

 687-V.