Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

«Amnistiýa hakyndaky» Türkmenistan SSR Kanunyny ulanmagyň tertibi hakynda

TÜRKMENISTAN SSR ÝOKARY SOWETINIŇ 

 K A R A R Y

 

«Amnistiýa hakyndaky» Türkmenistan SSR Kanunyny ulanmagyň tertibi hakynda

 

(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Maglumatlary, 1991 ý., № 1-2, 3 - madda)

 

Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Ýokary Sowety karar edýär:

1. «Amnistiýa hakynda» 1991-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda kabul edilen Türkmenistan SSR Kanunyny ýerine ýetirmegi şu aşakdakylaryň üstüne   ýüklemeli: 

1) sudlara - şu aşakdaky adamlar barada:

özleri baradaky işlere we materiallara Kanun kabul edilmezinden ozal garalmadyk adamlar, şeýle hem özleri baradaky işlere garalan, ýöne höküm entek kanuny güýje girmedik adamlar barada;

şertli iş kesilen hem-de özleri baradaky hökümiň ýerine ýetirilmegi yza  süýşürilen  adamlar  barada (amnistiýany  ulanmak  hakyndaky meseläni iş kesileniň özüni alyp barşyna kontrollyk edýän içeri işler edarasynyň arzasy boýunça sud çözýär); 

jerime salmak çäresi berlen adamlar barada, eger Kanunyň kabul edilen gününe çenli jerime töletdirilip alynmadyk bolsa (amnistiýany ulanmak hakyndaky meseläni höküm çykaran sud çözýär);

jeza çekmekden möhletinden öň şertli boşadylan adamlar hem-de Kanun kabul edilmezinden ozal jeza çäresi has ýeňil jeza çäresi bilen çalşyrylan adamlar barada (amnistiýany ulanmak hakyndaky meseläni  amnistiýa edilýän adamyň ýaşaýan   ýerindäki  sud çözýär).

Türkmenistan SSR-niň çäklerinden daşarda jezasyny çekýän adamlar barada şu podpunktda görkezilen işlere we materiallara Türkmenistan SSR Ýokary Sudy garaýar;

2) düzediş-zähmet edaralaryna - iş  kesilip, azatlykdak mahrum ediliş ýerlerinde jezasyny çekýän adamlar barada;

3) ýörite  komendaturalara - zähmete  hökman  çekmek  arkaly azatlykdan mahrum etmek jezasy şertli berlen adamlar, şeýle hem zähmete hökman çekmek  arkaly azatlykdan mahrum  ediliş ýerlerinden şertli boşadylan adamlar barada;

4) raýon (şäher) içeri işler bölümlerine - azatlykdan mahrum etmek jezasy  berlen ýa-da zähmete  hökman çekmek  arkaly  azatlykdan mahrum  etmek jezasy  berlip, tussag  astyna  alynmaýan ýa-da iş ýerine iberilmedik iş kesilenler, şeýle hem azatlykdan mahrum etmesiz düzediş işlerinde işletmek jezasy berlen adamlar  barada;

5) doznaniýe we deslapky derňew organlaryna - özleriniň eden jenaýatlary hakyndaky işler we materiallar şol organlaryň iş ýöretmeginde duran adamlar barada.

2. Şu Kararyň 1-nji punktunyň 2-5-nji podpunktlarynda görkezilen halatlarda amnistiýa prokuroryň ygtyýar bermegi boýunça degişli düzediş-zähmet edaralarynyň, ýörite komendaturalaryň, raýon (şäher) içeri işler bölümleriniň, doznaniýe we deslapky derňew organlarynyň naçalnikleriniň çykaran  kararlary esasynda ulanylýar.

«Amnistiýa hakyndaky» Kanun ulanylanda prokuroryň sudlara gatnaşmagy hökmandyr.

3. Kanun ol kabul edilmezinden ozal diňe respublikanyň territoriýasynda  jenaýat edendikleri  üçin  Türkmenistan  SSR-nin sudlary tarapyndan iş kesilen adamlar barada ulanylýar.

4. Kanunyň 1, 2-nji we 3-nji maddalary ulanylanda adamyň sud edilenlik aýby   öz-özünden aýrylan ýa-da  kanun  esasynda aýrylan sud edilenliginiň barlygy nazara alynmaýar.

5. Eger şu Kanunyň 1, 2-nji we 3-nji maddalarynda görkezilen adam birnäçe jenaýat edenligi üçin sud edilen bolsa hem-de eger şol adama «Amnistiýa  hakyndaky» Kanunyň düzgünleri  onuň  eden diňe bir jenaýaty üçin degişli bolsa, onda şol  adam barada  amnistiýa ulanylmaýar.

6. Kanunyň 1-nji  maddasynyň 1-nji podpunktuna  laýyklykda amnistiýa edilýän kämillik ýaşyna ýetmedikler diýlip 1973-nji ýylyň 7-nji ýanwaryndan soň doglan adamlar hasap edilýär.

7. «Amnistiýa  hakyndaky» Kanunyň  4-nji  maddasy şu Kanun kabul  edilmezinden  ozal göwreli  bolan  hem-de ol degişli  medisina zaklýuçeniýesi bilen  tassyklanan aýallar  barada  ulanylýar. Çagaly aýallar diýlende çagalary dogran ýa-da perzentlige alan hem-de olary terbiýelän aýallara düşünmeli, şunda Kanunyň  kabul edilen gününe çenli şol çagalaryň näçe ýaşdadygy nazara alynmaýar.

Şu Kanunyň 4-nji maddasy çaga dograndan soň öz çagalaryndan ýüz dönderen we olary bäbekhanalarda galdyryp giden aýallar, şeýle hem öz ähli çagalary barasynda ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilen aýallar barada ulanylmaýar.

Eger aýal özüniň käbir çagalary barasynda-ha ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilen bolsa, käbir çagalary barasynda-da ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilmedik bolsa, onda şol aýala şu Kanunyn 4-nji maddasynyň güýji degişli edilýär.

8. Şu Kanunyň 1-nji maddasynyň 3-nji podpunktuna laýyklyda amnistiýa edilýän I we II topar  inwalidleri diýlende Kanun kabul edilmezinden ozal bellenen tertipde inwalid diýlip hasap edilen adamlar göz öňünde tutulýar.

9. Kanunyň 1-nji maddasynyň 4-nji podpunkty 1991-nji ýylyň 8-nji ýanwaryndan öň (8-nji ýanwar hem girýär) 60 ýaşyny dolduran adamlara degişli edilýär.

10. Saklamak düzgünini (režimini) ýa-da jeza çekmegiň tertibini  zandyýamanlyk bilen bozýanlar diýip şu aşakdakylary hasaplamaly:

1) bellenen düzgüniň (režimiň) talaplaryny birsyhly  bozýan hem-de eden düzgün bozmalarynyň agyrlyk derejesini nazarda tutmak bilen, öz-özünden aýrylyp  gitmedik  ýa-da administrasiýa tarapyndan aýrylmadyk düzgün- nyzam temmileriniň azyndan üçüsi bar bolan  iş kesilenler;

2) jezasyny çekip ýörkä bilkastlaýyn jenaýat eden adamlar;

3) düzediş işlerinde işletmek jezasy azatlykdan mahrum etmek jezasy bilen çalşyrylan adamlar;

4) ýörite komentaduralardan ýa-da koloniýa-poseleniýelerden azatlykdan mahrum ediliş ýerlerine iberilen adamlar;

5) hökümiň ýerine ýetirilmeginiň yza süýşürilmeginiň ýa-da şertli iş kesilmegiň ýatyrylmagy sebäpli azatlykdan mahrum ediliş ýerlerine iberilen adamlar.

Şu punktuň 1-nji podpunktunda görkezilen adamlar barada amnistiýa ulanylmazlyk hakynda karar çykarylýar.

11. Internasional  borjuny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly uruş hereketlerine gatnaşan adamlar diýlip Ikinji jahan urşy gutarandan soň SSSR-iň çäklerinden daşarda  her bir hili  çaknyşyklara gatnaşan  sowet  kontingentlerinde bolan SSSR   graždany edilýär.

12. Harby komissiarlyklaryň, arhiwleriň,  ministrlikleriň  we wedomstwolaryň, beýleki döwlet edaralarynyň berýän degişli şaýat-namalary, sprawkalary, zaklýuçeniýeleri hem-de talaba laýyk tassyklanan beýleki dokumentleri graždanlaryň uruş hereketlerine gatnaşandygyny, goşun gullugyny   geçenligini, ýaralananlygyny (seňse-gün bolanlygyny) tassyklamak dokumentler bolup biler. Inçekeseliň açyk formasy bilen  kesellänligi  wraçlyk-konsultasion komissiýanyň (WKK-nyň) zaklýuçeniýesi arkaly tassyklanmalydyr. Ýaralanalygyny   (seňse-güň  bolanlygyny) tassyklamak  zerur bolan mahalynda medisina ekspertizasy geçirilip bilner.

13.   Weneriki keselini  bejertmek  kursuny geçip  gutaran  adam diýlende degişli medisina zaklýuçeniýesi berlen adam göz öňünde tutulýar, suduň arakkeşlikden we  neşekeşlikden mejbury  bejertmek çäresini bellän adamlary diýlende bolsa suduň özleri barada mejbury bejermegi bes etmek hakyndaky  kesgitleme  çykaran adamlary göz öňünde tutulýar.

14. Şu Kanun kabul edilmezinden ozal edilen  jenaýatlar barasyndaky amnistiýa Kanun kabul edilenden soň täzeden  jenaýat eden adamlar barasynda ulanylmaýar.

15. Uzaga çekýän ýa-da dowam edýän jenaýatlary eden adamlar barasynda amnistiýa eger jenaýatlar Kanun kabul edilmezinden ozal edilip gutaran bolsa, diňe şeýle halatda ulanylýar.

16. Amnistiýanyň ulanmagy sud edilenlik aýbyny aýyrmaýar.

 

            Türkmenistan SSR 

        Ýokary Sowetiniň Başlygy                                    S. Myradow 

 

Aşgabat şäheri

1991-nji ýylyň 8-nji ýanwary 

№ 370 - XII