Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň Mary oblastynda Guşgy raýonyny döretmek hakynda

 

TÜRKMENISTAN ÝOKARY SOWETINIŇ 

 K A R A R Y

 

Türkmenistanyň Mary oblastynda Guşgy raýonyny döretmek hakynda

 

(Türkmenistan Ýokary Sowetiniň Maglumatlary, 1991 ý., № 17, 194 mad.)

 

Türkmenistan Ýokary Soweti karar edýär:

1. Türkmenistanyň Mary oblastynda merkezi Guşgy şäherinde bolan Guşgy raýonyny döretmeli. Şäher tipli Galaýmor posýologyny hem-de halk deputatlarynyň Galaýmor posýolok Sowetiniň administratiw tabynlygynda bolan posýoloklary, halk deputatlarynyň Daşköpri posýolok Sowetiniň şäher tipli Daşköpri posýodogyny we Çemenebit oba Sowetini Tagtabazar raýonynyň sostawyndan, şeýle hem şäher tipli Gyzyl Baýdak posýologyny we halk deputatlarynyň Gyzyl Baýdak posýolok Sowetiniň administratiw tabynlygynda bolan posýoloklary Ýolöten raýonynyň sostawyndan aýryp, olary Guşgy raýonynyň sostawyna bermeli.

Halk deputatlarynyň Daşköpri posýolok Sowetiniň Saryýazy posýologyny halk delutatlarynyň Tagtabazar raýon Sandykgaçy posýolok Sowetiniň administratiw tabynlygyna bermeli, şunda berilýän posýologyň territoriýasynda saýlanan deputatlaryň ygtyýarlaryny halk deputatlarynyň Sandykgaçy posýolok Sowetinde saklap galdyrmaly.

Halk deputatlarynyň Guşgy raýon Daşköpri posýolok Sowetiniň bellenen iň pes normadan az sanda işlemegine kadadan çykma hökmünde ygtyýar bermeli.

2. Täze döredilen Guşgy raýonynda 1992-nji ýylyň birinji kwartalynyň dowamynda Türkmenistanyň halk deputatlarynyň ýerli Sowetleriniň deputatlarynyň saýlawlary hakyndaky Kanunyň talaplaryna laýyklykda halk deputatlarynyň raýon Sowetine saýlawlary geçirmeli.

 

Türkmenistan Ýokary 

Sowetiniň Başlygy                                                       S. Myradow 

 

Aşgabat şäheri

1991-nji ýylyň  26-njy dekabry 

№ 636- XII