Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Garaşsyz döwletleriň dostlukly Bileleşigini döretmek hakyndaky Ylalaşygy hem-de onuň 1991-nji ýylyň 21-nji dekabryndaky Almaata şäherinde gol çekilen Protokolyny tassyklamak hakynda

TÜRKMENISTAN ÝOKARY SOWETINIŇ 

 K A R A R Y

 

Garaşsyz döwletleriň dostlukly Bileleşigini döretmek hakyndaky Ylalaşygy hem-de onuň 1991-nji ýylyň 21-nji dekabryndaky Almaata şäherinde gol çekilen Protokolyny tassyklamak hakynda

 

(Türkmenistan Ýokary Sowetiniň Maglumatlary, 1991 ý., № 17, 187-madda)

 

Türkmenistan Ýokary Soweti karar edýär:

Garaşsyz döwletleriň dostlukly Bileleşigini döretmek hakyndaky Ylalaşygy hem-de onuň garaşsyz döwletleriň dostlukly Bileleşigini döretmek, oňa Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasy, Ermenistan Respublikasy, Belarus Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyzystan Respublikasy, Moldowa Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Täjigistan Respublikasy, Özbegistan Respublikasy we Ukraina bilen deň hukuklylyk esasynda bilelikdäki dörediji hökmünde gatnaşýandygy hakynda 1991-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Almaata şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow tarapyndan Türkmenistanyň adyndan gol çekilen Protokolyny tassyklamaly.

 

Türkmenistan Ýokary 

Sowetiniň Başlygy                                                       S. Myradow 

 

Aşgabat şäheri 

1991-nji ýylyň  26-njy dekabry 

№ 629- XII