Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Halk deputatlarynyň Gyzylarbat şäher we Gyzylarbat raýon Söwetlerini, olaryň ýerine ýetiriji we serenjam beriji organlaryny birleşdirmek hakynda

TÜRKMENISTAN ÝOKARY SOWETINIŇ PREZIDIUMYNYŇ

 K A R A R Y

 

 

Halk deputatlarynyň Gyzylarbat şäher we Gyzylarbat raýon Söwetlerini, olaryň ýerine ýetiriji we serenjam beriji organlaryny birleşdirmek hakynda

 

(Türkmenistan Ýokary Sowetiniň Maglumatlary, 1991 ý., № 16, 186 mad.)

 

Bazar gatnaşyklaryna geçilýän şertlerde sosial-ykdysady ösüşi dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de dolandyryş apparatynyň saklanylmagy üçin çykdajylary azaltmak maksady bilen Türkmenistan Ýokary Sowetiniň Prezidiumy karar edýär:

  1. Halk deputatlarynyň Gyzylarbat şäher we Gyzylarbat raýon Sowetleriniň şu Sowetleri halk deputatlarynyň bir Gyzylarbat şäher we raýon Sowetine birikdirmek hakyndaky teklibini kabul etmeli. 
  2. Halk deputatlarynyň Gyzylarbat şäher we Gyzylarbat raýon Sowetlerine bilelikdäki sessiýasynda halk deputatlarynyň birleşen şäher we raýon Sowetiniň başlygyny saýlamagy, Sowetiň bir bütewi prezidiumyny, ispolnitel komitetini we onuň serenjam beriji organlaryny döretmegi teklip etmeli. 

 

 

Türkmenistan Ýokary

 Sowetiniň Başlygy                                                               S. Myradow 

 

Aşgabat şäheri 

1991-nji ýyl,  26-njy noýabr 

№ 620- XII